Döwlet haryt-çig mal biržasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

  • 19.09.2020 18:08
  • 8k+

Döwlet haryt-çig mal biržasyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler geçirilýär. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.
Biržanyň işiniň ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygyny nazara alyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşmagy hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini «Aşgabat gazna biržasynyň» üsti bilen TSTB-siniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän edaralaryň we kärhanalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.
Prezident Döwlet haryt-çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky meselä ünsi çekip, dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň, esasan, paýdarlar jemgyýetleri görnüşindedigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmagy başartjakdygyny nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......