Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylýar

  • 19.09.2020 08:08
  • 5k+

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi we ylmy-amaly maslahaty öz işine başlar.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda döwlet we hususy kärhanalarynyň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly kuwwatyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän bölümleriň 70-den gowragy gurnalar.
Şeýle-de “Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Serginiň geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy, Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143.
Iş wagtlary: 19-njy sentýabr — 10:00-dan 18:00-a çenli, 20-nji sentýabr — 10:00-dan 17:00-a çenli.
Goşmaça maglumat üçin telefon belgiler: 39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86.

düýn 16:48
2.5k+

Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady

Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy...

düýn 14:53
1.5k+

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi...

düýn 02:23
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi...

düýn 01:51
9.4k+

Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...