ABŞ-da COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjymlara oktýabrda başlanylar

  • 18.09.2020 07:21
  • 8.2k+

ABŞ-da COVID-19 koronawirusyna garşy sanjymyň ilat arasynda giňden ýaýradylmagy oktýabrda başlanar, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 million doza sanjym taýýar bolar diýip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Biz sanjymy örän ygtybarly hem täsirli ýagdaýda gowşurmaga we ýaýratmaga çalyşýarys. Biz muny oktýabrda başlap bileris diýip pikir edýäris” – diýip, Tramp Ak öýüň metbugat-maslahatynyň dowamynda aýtdy we munuň “oktýabryň ortalarynda, belki, ondan gijräk boljakdygyny” hem anyklaşdyrdy.

Soňra metbugat-maslahatynda prezident ýagdaýlaryň şowsuz ýaýbaňlananda ABŞ-da sanjyma biraz köpräk – “noýabrda ýa-da iň bolmanda, dekabrda” garaşmaly boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Ol sanjym Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça edara tarapyndan tassyklanandan soň, ABŞ-da sanjymyň millionlarça dozasynyň öndürilip başlanjakdygyny hem aýtdy. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli, prezidentiň aýtmagyna görä, koronawirusa garşy azyndan 100 million doza sanjym ýurtda ulanylmaga taýýar bolar.
Tramp ABŞ-nyň edarasynyň sanjymyň tassyklanylan gününden ýa-da ertirki gün ýurduň dürli şäherlerine sanjymyň iberilmegine mümkinçilik berjek meýilnamany hem taýýarlandygyny ýatlap geçdi.

düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......