Tesla bilen Huami “akylly” sagatlary döretmek üçin birleşdiler

  • 14.09.2020 20:01
  • 8.7k+

Ilon Maskyň Tesla kompaniýasynyň üýtgeşik hyzmatdaşlygy barada maglumat belli boldy. Ýagny, amerikan kompaniýasy “akylly” sagatlary döretmek üçin Mi Band meşhur bilezigi işläp düzüji bilen birleşdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Şeýle habar Huami Technology hytaý kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Huang Wanyň bildirişiniň kömegi bilen belli boldy. Ol resmi poster bilen paýlaşdy, onda geljekki täze önüm görkezilýär. Mundan başga-da, suratda Tesla bilen Huami-niň “akylly” sagadynyň anons ediljek senesi hem görkezilýär. Teslamazfit adyny alan täze sagat eýýäm şu aýda, has dogrusy, aýyň 15-ine hödürlenilmeli.
Häzirki wagtda Tesla bilen Huami-niň geljekki “akylly” sagatlary barada jikme-jik maglumatlar ýok, ýöne olar Tesla awtomobillerini açmak we ýapmak mümkinçiligi bilen üpjün ediler diýlip çaklanylýar.
Mundan başga-da, Ilon Mask köp sanly gyzykly zatlary görkezmegi meýilleşdirýär. Işewür Tesla Battery Day çäresini anons eder, onda maýa goýujylar bilen duşuşyk gurnalar.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......