Hytaýda täze smartfonlaryň 60%-i 5G aragatnaşyk ulgamyna eýe

  • 14.09.2020 19:53
  • 5.4k+

Hytaýda awgustda satylan täze smartfonlaryň ýarysyndan köpüsi 5G mobil aragatnaşygyny göterýär. Bu barada Hytaýyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasynyň (CAICT) hasabatyna salgylanmak bilen cnTechPost portaly habar berýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

CAICT-iň maglumatlary boýunça, awgustda Hytaýda 26,9 mln smartfon satyldy. Guramanyň maglumatlary boýunça, şu ýylyň iýulynda bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwrüne gatnaşygy boýunça 34,8% pese gaçdy. Bu gurluşlaryň 16,1 milliondan gowragy (60,1%) 5G modemi bilen üpjün edildi. 2020-nji ýylyň ýanwaryndan awgustyna çenli Hytaýda 5G standart aragatnaşygyny göterýän jemi 93,7 mln smartfon satyldy. Hytaýda smartfonlaryň üpjünçiliginiň 90%-den gowragynyň ýerli öndürijilere degişlidigi bellenilýär.
Hytaýda smartfonlaryň üpjünçiliginiň umumy göwrümi 2020-nji ýylyň birinji 8 aýynyň içinde 202 milliona barabar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,5% azdyr. Bu döwürde bazarda, umumy alanyňda, 301 sany täze model hödürlenildi. Üpjünçiligiň pese gaçyşy täze koronawirus ýokanjynyň ýaýrawynyň netijeleri bilen düşündirilýär, ýagny bu ýagdaý sebäpli smartfonlaryň önümçiligi gowşady we isleg hem azaldy.
Sentýabrda HHR-iň Senagat we tehnologiýa ministrliginde Hytaýda 5G aragatnaşygyny ulanyjylaryň sanynyň 60 mln adamdan geçendigi habar berildi.

düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......