AstraZeneca koronawirusa garşy sanjymynyň synaglaryny dikeltdi

  • 13.09.2020 16:12
  • 7.5k+

AstraZeneca farmaseptik kompaniýasy we Oksford uniwersiteti meýletinçileriň birinde ýüze çykan kesel sebäpli togtadylmadan soň, koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglaryny gaýtadan dikeltdi diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

«AZD1222 koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglary Britaniýada düzgünleşdiriji – Derman serişdelerine we lukmançylyk önümlerine gözegçilik boýunça edara (MHRA) tarapyndan synaglaryň dowam etdirilmeginiň howpsuzdygy barada tassyklanma kabul edilenden soň gaýtadan dikeldildi... AstraZeneca we Oksford uniwersiteti anyk lukmançylyk maglumatyny (meýletinçiniň keseli barada) açyk aýdanok” – diýlip, kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar.

Öň habar berşimiz ýaly, 6-njy sentýabrda dünýäniň ähli ýurtlarynda synaglar halkara düzgünleşdirijileriň gatnaşmagynda bolup geçen wakalary garaşsyz öwrenmegiň zerurlygy sebäpli togtadyldy. Ýagdaýy gözden geçirenden soň, Britan topary synaglary dowam etdirmek bolýar diýen netijä geldi.

“Derňewiň ähli gatnaşyjylaryna we synaglara gatnaşyjylara ähli zerur maglumatlar ýetiriler, ol kliniki synaglary geçirmegiň düzgünlerine we düzgünleşdiriji ülňülere laýyklykda halkara kliniki registrlerde hem çap ediler... Kompaniýa tutuş dünýä boýunça saglygy goraýyş edaralary bilen işleşmegi dowam etdirer” – diýlip, beýannamada bellenilýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Paskal Sorio AstraZeneca kompaniýasynyň özüniň taýýarlaýan sanjymynyň koronawirusdan goraýandygyny ýa-da ýokdugyny ýylyň ahyryna çenli anyklamagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

09.06.2026 23:14
6.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....