AstraZeneca koronawirusa garşy sanjymynyň synaglaryny togtadýandygyny habar berdi

  • 10.09.2020 07:00
  • 13k+

AstraZeneca britan-şwed farmaseptik kompaniýasy ABŞ-da koronawirusa garşy sanjymynyň synagynyň üçünji tapgyryny hassalaryň birinde ýaramaz täsiriň ýüze çykandygy sebäpli togtatdy. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanmak bilen “Stat” lukmançylyk žurnaly ýazýar. Muny rg.ru ýetirýär.

Neşir meýletinçide sanjymdan soň nähili görnüşli ýaramaz täsiriň bellige alnandygyny anyklaşdyranok, ýöne häzir hünärmenler onuň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamaga çalyşýarlar. Neşiriň çeşmeleri gürrüňiň Beýik Britaniýada ýaşaýan adam barada gidýändigini belleýärler. Olaryň maglumatlary boýunça, ol synaglaryň ikinji ýa-da üçünji tapgyryna gatnaşypdyr.
AstraZeneca-nyň sanjymy Oksfordyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylýar. Awgustda synaglar ABŞ-da üçünji tapgyra geçdiler. Öň olar Beýik Britaniýada, Braziliýada we GAR-da başlapdy.
AstraZeneca – Birleşen Ştatlar tarapyndan koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak üçin pul bölünip berlen üç kompaniýanyň biri. Ol munuň üçin milliard dollardan gowrak aldy. Ýokary täsirli dermanlary taýýarlamagyň üstünde Moderna, Merck we Pfizer, Johnson & Johnson kompaniýalarynyň hünärmenleri hem iş alyp barýar. Ak öýüň maglumatlary boýunça, umumy alanyňda, ABŞ-nyň edarasy bu taslamalara 12 milliard dollar goýdy.

düýn 11:31
3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......