Haýsy önümler adamyň wagtyndan ir garramagyna sebäp bolýar?

  • 15.09.2020 23:37
  • 21k+

Dietolog Ýelena Solomatina «Weçernaýa Moskwa» bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ispaniýanyň Nawarra uniwersitetiniň alymlarynyň adamyň wagtyndan ir garramagyna sebäp bolýan iýmitler babatdaky gözlegleri barada aýtdy.

«Science Alert» portalynda çap edilen makalada barlagçylar ultra gaýtadan işlenen iýmitler, şol sanda gowrulan et we çalt nahar iýmek öýjükleriň wagtyndan öň garramagyna sebäp bolýar diýen netijä geldiler. Hünärmen alymlaryň netijeleri bilen ylalaşyp, ýagda termiki taýdan gaýtadan işlenen azyk önümleriniň kanserogenleri emele getirýändigini aýtdy. Olar öz gezeginde birleşdiriji dokumanyň esasyny düzýän belogy – kollageni ýok edýärler.

«Adam zyýanly iýmitleri – burgerleri, gowrulan kartoşkany, süýjini ýa-da däne önümlerinden aşa köp peýdalansa, kollagende tikenler emele gelip başlaýar, deri mürşerýär we tiz wagtdan ýygyrtlar bilen örtülýär» – diýip, Solomatina aýtdy.

Hünärmen ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň öňüni almak üçin zyýanly iýmitlerden gaça durmagy, şeýle hem iýmitiňizi düzüminde kollagen bolan önümler bilen baýlaşdyrmagy maslahat berýär.
Onuň bellemegine görä, käşirde, pomidorda, ysmanakda, ýagly balyklarda bu wajyp belogyň köp mukdary saklanýar, şonuň üçin bedene ýaraýan bolsa, olary kabul etmek hökmanydyr. Şeýle hem Solomatina bedeniň ýaşarmagyna we dikelmegine ýardam edýän önümleriň hataryna zeýtun ýagyny, üzümi, hozy, imbiri, şugundyr, selderýany we awakadony hem goşdy.

şu gün 08:29
1.7k+

Täze gözleg: biotiniň ýetmezçiligi düwnük öýjükleriniň ösüşini saklaýar

Lozanna uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň ejiz tarapyny salgy berip biljek mehanizmi tapdylar we B7 witamininiň ýetmezçiliginde olaryň käbiriniň ösmek ukybyny ýitirýändigini ýüze çykardylar....

düýn 08:18
2.6k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

29.04.2026 15:42
1.1k+

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
4k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....