Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutdy

  • 10.09.2020 12:01
  • 11k+

9-njy sentýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Hususan-da, zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berildi.
Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji” kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Bu täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz hem-de ygtybarly üpjün etmäge ýardam eder diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda aýtdy.
Soňra “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşýandygyna buýsanýandygyny belläp, bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
Soňra “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperow çykyş edip, kompaniýanyň öňdebaryjy tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary, şol sanda Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde tejribeleri toplady we Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Dabaranyň dowamynda ýygnananlara Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Dabaranyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden, Aşgabada ugrady.

20.06.2026 11:54
5.5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......