Google Android operasiýa ulgamynyň 11-nji neslini çykardy

  • 11.09.2020 18:00
  • 9.9k+

Google mobil operasiýa ulgamynyň iň soňky wersiýasyny – Android 11-i çykardy. 2020-nji ýylda onuň talabalaýyk tanyşdyrylyşy bolmady, ýöne korporasiýa bu barada resmi YouTube kanalynda mälim etdi.

Ozal 2020-nji ýylyň dowamynda – ýazda we tomusda Android 11-iň birnäçe beta wersiýasy çykypdy. Häzirki çykarylan operasiýa ulgamy häzirlikçe Pixel 2, 3, 3A, 4 we 4A, şeýle hem OnePlus 8 we 8 Pro ýaly az sanly enjam üçin elýeterli. Soňky agzalanlar häzirlikçe diňe ABŞ, Hindistan we Ýewropa ýurtlarynda täzelemeleri alyp bilerler. Kän wagt geçmän, ol Oppo, Realme we Xiaomi-niň birnäçe modelleri üçin, birki aýdan soň bolsa beýleki öndürijiler üçin hem elýeterli bolar.
Androidiň soňky wersiýasy geçen ýylky bilen deňeşdirilende, kän bir tapawut hem edip barmaýar. Ýöne habarlaşmalardaky çatlar indi «köpürjik» görnüşinde görner we programmany açmazdan hem habarlaşmak mümkin bolar. Bu wersiýada 5G aragatnaşygynyň goldawy güýçlendirildi we amaly programmalarda gizlinlik ýokarlandyryldy.
Android 11-däki beýleki täzelikler bilen bir hatarda, operasiýa ulgamynyň interfeýsinde hem käbir ownuk üýtgeşmeler bar. Olardan emojileriň giňeldilen sanawyny, köp wezipeli goşmaça menýuny we adaty serişdeleri ulanyp ekrandan wideo ýazga almak mümkinçiligini bellemek bolar.

şu gün 15:53
406

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

şu gün 12:29
796

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

şu gün 08:07
1k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

şu gün 07:51
1.4k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....