"Орел и решка" gepleşigi barada film surata düşüriler

  • 10.09.2020 12:08
  • 30k+

Meşhur "Орел и решка" telegepleşigi hakda başdan geçirmeler komediýasy surata düşüriler. Muny telegepleşigiň prodýuserleri Natella Krapiwina bilen Wladimir Maslow mälim etdi. Filmiň režissýory Gleb Orlow bolar diýip, Кино-Театр.РУ habar berýär.

Filmdäki baş rollary gepleşigiň alyp baryjysy Nastýa Iwleýewa we aktýorlar Wiktoriýa Isakowa, Pawel Derewýanko, Semýon Treskunow we Sergeý Lawgin dagy ýerine ýetirer.
Sýužete laýyklykda, “Орел и решка” filmini surata düşürýän topar diňe bir öz aralaryndaky gatnaşyklara däl, eýsem, janyna-da howp salýan başdan geçirmeler garaşýar. Bu şüweleň tötänleýin ýurtlaryň birinde tolgunyşyk döredýär. Netijede häkimiýete howply zalym geçýär.
“Вторжение” we “Лёд-2” filmleri bilen tanalýan Andreý Zolotarýow filmiň ssenarisiniň üstünde üç ýyl işledi.

düýn 13:25
3.7k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

düýn 10:30
1.9k+

Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar....

14.05.2026 16:06
3.4k+

Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady....

10.05.2026 22:08
8.3k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......