Ridli Skott "Gelmişek" ("Alien") filminiň üçünji bölümini surata düşürer

  • 10.09.2020 07:48
  • 6.6k+

Amerikaly kinorežissýor Ridli Skott meşhur "Gelmişek" ("Alien") franşizasynyň dowamynyň üstünde işlenilişi barada aýtdy diýip, teleprogramma.pro habar berýär.

Ylmy-fantastik filmleriň ussady ozal hem filmiň iki bölümini - "Prometeý" we "Gelmişek: wesýet" bölümlerini köpçülige hödürläpdi. Şeýle-de bolsa, onuň niýetinde ýene bir film bardy. "Forbes" žurnalyna beren interwýusynda ol häzirki wagtda bu taslamanyň üstünde işlenilýändigini tassyklady.
Ridli Skott kosmiki jandaryň nädip dörändigini we onuň maksadynyň nämedigini aýtmagy meýilleşdirdi. Ozalky iki prikweliň kassa ýygymy tomaşaçylaryň henizem meşhur rowaýatyň dowamy bilen gyzyklanýandygyny görkezýär.
“Alien” franşizasynyň köp bölegine gatnaşan Sigurni Uiweriň taslama gaýdyp gelmekden ýüz öwrendigi öň belli boldy. Aktrisa filmde öz ýerine ýetirýän keşbi bolan Ellen Riplä pensiýa çykmaga çen boldy diýip hasap edýär.

23.03.2026 21:50
2.9k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

23.03.2026 15:10
2.6k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar...

22.03.2026 15:29
1.8k+

Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir...

15.03.2026 23:03
4.4k+

Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy

Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär...