Türkmenistanyň Prezidenti döredijilik merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 09.09.2020 23:06
  • 8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň täze desgalarynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşlygynyň çäklerinde A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygyna geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, bezeg aýratynlyklary, şeýle hem gurluşygy meýilleşdirilýän desgalar barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde şäheriň bu böleginde “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär, döredijilik merkeziniň gurluşygy bolsa tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýerasty geçelgäniň ýerleşiş çyzgysy we içki görnüşi, seýilgähiň şekil taslamasy, söwda we dynç alyş merkeziniň, döredijilik merkeziniň, edara ediş we söwda maksatly binalaryň taslamalary hödürlenildi.
Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň şu böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň çyzgysy taýýarlanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiklerini, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konsertini guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz merkezde häzirki zamanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ses ýazgylar we aýdym-saz studiýasyny döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar, olaryň binagärlik we bezeg çözgütleri bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döredijilik merkezini “Jahan” döredijilik merkezi diýip atlandyrmak teklip edildi.

düýn 15:44
5.4k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.1k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

16.05.2026 09:24
4.5k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

15.05.2026 14:43
10k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......