Türkmenistan EHŞ-ni kämilleşdirmek boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşdy

  • 09.09.2020 07:48
  • 4.1k+

8-nji sentýabrda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.
Nobatdaky gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar energoserişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, infrastrukturalara ygtyýarlyk, nyrhlaryň kesgitlenilmegi we ýörelgeleri, durnukly ösüş we köpçülikleýin durmuş taýdan jogapkärçilik, dawalaryň çözülmegi, şeýle-de energoüpjünçilik ulgamyndaky geleşiklere we ylalaşyklara gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýdyňlygy ýaly derwaýys meseleleriň ençemesine seredip geçdiler.
Çärä gatnaşan wekiller Şertnamanyň gatnaşyjylarynyň hukuklarynyň hem-de borçnamalarynyň üstaşyr geçirimler, maýa goýumlar, energetiki howpsuzlyk we netijelilik, energoserişdeleriniň söwdasy ýaly ugurlar babatynda gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurlygy dogrusynda bir pikire geldiler.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, ol energetika serişdeleriniň halkara söwdasy, şonuň ýaly-da olaryň döwletara nebit we gaz geçirijilerinden, elektrik geçirijilerinden üstaşyr daşalmagy bilen bagly bolan syýasy, ykdysady we hukuk häsiýetli dürli meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bolup durýandyr. Şertnama dünýäniň 50-den gowrak ýurtlary, şol sanda Türkmenistan, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe beýlekiler gol çekdiler.

22.05.2026 15:38
2.4k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:38
2.2k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

22.05.2026 14:19
1.6k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

21.05.2026 18:14
2.6k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......