Koronawirusa garşy rus sanjymynyň ilkinji tapgyry raýat dolanyşygyna goýberildi

  • 08.09.2020 21:39
  • 15k+

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi Gamaleýa instituty tarapyndan öndürilen Sputnik V täze koronawirus ýokançlygyna garşy sanjymyň ilkinji tapgyrynyň raýat dolanyşygyna goýberilendigini mälim etdi. Muny interfax.ru habar berýär.

"Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanylan "Gam-Covid-Vak "(Sputnik V) täze koronawirus ýokançlygyna garşy sanjymyň ilkinji tapgyry Roszdrawnadzoryň laboratoriýalarynda zerur hil synaglaryndan geçip, raýat dolanyşygyna goýberildi" - diýip, sişenbe güni edaranyň metbugat gullugy žurnalistlere habar berdi.

Şeýle hem sanjymyň ilkinji tapgyrlarynyň sebitlere ýakyn wagtda iberilmegine garaşylýandygy aýdyldy.

"Ilata sanjym etmek işleri hem sanjymyň raýat dolanyşygyna goýberilen pursatyndan başlaýar" diýip, Gamaleýa institutynyň müdiriniň ylmy işler boýunça orunbasary Denis Logunow belledi.

Mundan başga-da, ýakyn wagtda Moskwadaky Saglyk öýlerinde Sputnik V sanjymynyň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyrynyň başlamagyna garaşylýar. Oňa 40 müň meýletinçi gatnaşar.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....