Irden oýananyňdan soň haýsy endigi ýerine ýetirmek howply bolup biler?

  • 08.09.2020 21:19
  • 26k+

Lukmanlar oýananyňdan soň göni ýorgan-düşegi düzetmeli däldigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bu adamlaryň iň zyýanly endikleriniň biri. Bu barada live24.ru habar berýär.

Adamlaryň köpüsi ýaňy ukudan oýanandygyna garamazdan, birnäçe adaty işleri ýerine ýetirýärler: gerinýärler, ýorgan-düşegi düzedýärler we suwa düşmäge girýärler. Lukmanlar şu endiklerden biriniň saglyk üçin ýaramaz täsire eýe bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Nemes lukmanlary barlag geçirdiler. we ýatan adamyň ýaňy turan ýeriniň birnäçe wagt ýyly we çyg bolup durýandygyny anykladylar. Haçan-da ýatylan ýer ýyly ýorgan, ýapynja ýa-da örtgi bilen ýapylanda, miteleriň-bitleriň we beýleki kesel dörediji mikroorganizmleriň köpelmegi üçin örän gowy şert döreýär. Hünärmenler şeýle düşegiň allergiýaly adamlar üçin howply bolup biljekdigini aýdýarlar. Ýöne sagdyn adamlar üçin hem şeýle “miteleriň we bakteriýalaryň merkezinde” bolmak, olaryň saglygy üçin zyýanly bolup biler.
Iň gowusy, irden ýorgan-düşegi biraz wagt ýygnaman goýmaly. Hünärmenler onuň gowy ýelejiredilmegi üçin ýatylýan jaýda penjireleri açmagy maslahat berýärler.

01.04.2026 18:38
10k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.5k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

27.03.2026 17:38
7.6k+

Türkmenistanda täze Crops Energy dökünleri peýda boldy

Türkmenistanyň agrar bazarynda täze önüm — ösümlikleriň ähli ösüş tapgyrlary üçin niýetlenen uniwersal Crops Energy dökünleri peýda boldy. Tohumuň gögermeginden başlap, miwe berýän döwrüne çenli bu dökün......