Hytaý bilim diplomlaryny ykrar etmek barada 54 ýurt bilen şertnama gol çekdi

  • 07.09.2020 18:00
  • 8.9k+

Hytaý Halk Respublikasy 54 ýurduň wekilleri bilen ýokary bilim we alymlyk derejesi hakyndaky resminamalaryň ikitaraplaýyn ykrar edilmegi barada şertnama gol çekdi. Bu barada HHR-iň Bilim ministrliginiň resmi wekili Lýu Szin habar berdi. Muny Sinhua agentligine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, Hytaý 188 sany ýurt we sebit hem-de 46 sany halkara guramalar bilen bilim gurşawynda kooperasiýa we alyş-çalyş etmek hakynda hem ylalaşdy.
Lýu Szin şu günki günde Hytaýyň daşary ýurtda bilim alýan talyplar boýunça birinji orny eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda 1,4 mln töweregi hytaýlylar daşary ýurtlarda bilim alýarlar.
Şeýle-de, ol Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän talyplaryň sanynyň barha artýandygyna hem ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň hökümeti «Guşak we ýol» başlangyjyna agza-ýurtlar üçin hünärmenleri taýýarlamakda ýardam etmek maksady bilen «Ýüpek ýoly» stipendiýa maksatnamasyny döretdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, HHR-iň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Lingwistik bilim beriş we hyzmatdaşlyk merkezi daşary ýurtdan gelip okaýanlar üçin hytaý dilini öwrenmek boýunça dört sany onlaýn-platformany işe girizdi.
Lýu Szin häzirki günde dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda 4 müňden gowrak uniwersitetleriň, 30 müň başlangyç we orta mekdepleriň, 45 müň sany kollejleriň hytaý dilini öwretmegi hödürleýändigini belledi. Ol daşary ýurtlularyň arasynda hytaý dilini öwrenenleriň sanynyň 200 million adama golaýlandygyny hem aýtdy.

düýn 20:28
973

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

09.05.2026 13:15
2.5k+

Matematikada täze bäsdeş: π (pi) sanynyň ýerini τ (tau) tutup bilermi?

Ylmy gurşawda meşhur π (pi) sanynyň ýerine takmynan 6,28-e deň bolan başga bir matematik hemişelik sany – τ (tau) sanyny ulanmak baradaky jedeller dowam edýär....

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......