“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 06.09.2020 23:26
  • 9.9k+

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy.

Jemleýji bäsleşige gatnaşmaga çagalaryň 15-si hukuk gazandy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan edebi-sazly waspnamada ýurdumyzyň asylly ýörelgeleri beýan edildi. Ol konsertiň açylyşy boldy. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt dillerinde ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdiler.
Zehinli çagalaryň sahnada ýerine ýetirýän aýdym-sazlary özboluşly şekiller bilen utgaşdy. Çagalygyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülen jemleýji bäsleşikde bu günki dabaranyň myhmanlaryna hem nobat berildi. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şeýle hem konsertiň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň gutlag çykyşlary, şeýle hem her ýylda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisiniň we “Ruhubelent çagalar” tans toparynyň çykyşlary bäsleşige gatnaşýanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Eminler toparyna iň ökdeleri seçip almak ýeňil düşmedi. Çykyşlaryň jemleri boýunça bäsleşikde ýeňiji bolan alty çaganyň atlary yglan edildi. Olar şulardan ybarat:

  • Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ogulgerek Maksat gyzy Maksadowa;
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýakup Batyrowiç Batyrow;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerimberdi Amanberdi ogly Abdyýew;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Alymow;
  • Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Jennet Serdarowna Jumagulyýewa;
  • Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mekan Çarymyradowiç Çaryýew

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de olara bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy.

şu gün 08:04
195

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
87

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 23:10
1.2k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 15:05
7.3k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......