Lukman uzak wagtlap ýaş görünmäge kömek edýän önümi aýtdy

  • 06.09.2020 11:20
  • 25k+

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Dietologiýanyň we dioterapiýanyň Samara ylmy-barlag institutynyň müdiri Mihail Ginzburg uzak wagtlap juwan görünmäge kömek etjek bäş önümi aýtdy. Ol bu önümleri hemişe iýmitiňe goşmagy maslahat berýär. Muny “Вечерняя Москва” neşiri ýetirýär.

“Birinji önüm – gök çaý. Onda katehinler köp bolýar, olar autofagiýa prosesini herekete getirýärler. Bu prosesiň işjeňleşdirýän ähli zady garrama hadysasyny haýalladýar we organizmi ýaşardýar. Ýaşarmak bilen bagly ähli pikirleriň düýp özeninde az iýmeklik durýar” – diýip, dietolog belleýär.
Onuň pikiriçe, her günde gök çaýdan iki-üç käse içmeli.

Zeýtun ýagy, zygyr çigidi, balyk hem organizmi ýaşardýan önümleriň sanawyna girýär, sebäbi olar çişme hadysasyna garşy täsiri ýüze çykarýan doýgun däl ýag kislotalaryny saklaýarlar.
“Olar damarlary aterosklerozyň güýçlenmeginden goraýarlar” – diýip, lukman düşündirýär.
Ýene bir önüm – şekersiz ajymtyk şokolad.

“Onuň düzüminde şekeriň ýerini tutujy bolmaly, bize ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmazlyk üçin şekeri başga bir zat bilen çalşyrmak gerek” – diýip, Ginzburg belleýär.

Ginzburg büzmeçe şöhlatlaryň, süýji gazlandyrylan suwuň, sdobanyň we kökäniň organizme ýaramaz täsir edýändigini hem aýtdy.

09.06.2026 23:14
6.3k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....