Türkmenistan we BMG ýiti ýokanç keseline garşy durmagyň Meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny maslahatlaşdy

  • 05.09.2020 08:01
  • 10k+

Düýn Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmakda öňegidişligi ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn-duşuşyk geçirildi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, wideomaslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän dürli agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Ady agzalan Meýilnamanyň esasy ugurlary boýunça geçirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat bilen tanyşdyrmagyň barşynda 7-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen geçirilen wideoduşuşygynyň netijelerine hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlaryna üns berildi.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline garşy durmaga we täsir etmegine taýýarlygyny üpjün etmek babatda ýakyn geljekde meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmäge BMG-niň agentlikleriniň hem-de hyzmatdaşlaryň berjek goldawyna seredildi. Şol çäreleriň hatarynda adatdan daşary ýagdaýlarda kommunikasiýalar boýunça žurnalistler üçin ikinji okuw maslahaty bar.

düýn 18:46
3.1k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.1k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.3k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....

06.05.2026 16:42
5.1k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....