Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymynyň birinji iki tapgyrynyň netijeleri neşir edildi

  • 05.09.2020 00:16
  • 17k+

Rus alymlary koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň iki dürli görnüşiniň kliniki synaglarynyň birinji iki tapgyrynyň deslapky netijelerini neşir etdiler. Synag işleri 76 meýletinçide geçip, sanjymyň iki görnüşiniň hem adamlaryň saglygy üçin howpsuzdygyny we olaryň immunitetini täze görnüşli koronawirusa garşy antibedenjikleri döretmäge mejbur edýändigini tassyklady. Tejribäniň netijeleri “Lancet” žurnalynda neşir edildi. Bu barada ТАСС habar berýär.

“Biziň ýygnan maglumatlarymyz rAd26-S we rAd5-S adenowiruslarynyň esasyndaky geterogen sanjymlaryň näsaglar üçin howpsuzdygyny we olarda goşmaça täsirleri ýüze çykarmaýandygyny görkezdi. Sanjymlar 100% meýletinçilerde olary COVID-19 bilen kesellän adamlaryň ganynyň plazmasyndakydan hem has köp antibedenjikleri işläp çykarmaga mejbur edip, gumoral we öýjük immun jogabynyň döremegine getirdiler” – diýip, barlag işini geçirijiler ýazýarlar.

2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa dünýäde birinji bolup täze görnüşli koronawirusa garşy “Sputnik V” diýlip atlandyrylan sanjymy bellige aldy. Serişde Gamaleýa adyndaky Merkeziň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy, onuň kliniki synaglarynyň birinji we ikinji tapgyry iýunda hem-de iýulda geçdi. Ol binýadynda eýýäm birnäçe sanjym taýýarlanylan platformada esaslandyryldy. 15-nji awgustda Saglygy goraýyş ministrliginde serişdäniň eýýäm öndürilip başlanandygyny aýtdylar. “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň üçünji – bellige alnyşdan soňky tapgyry 25-nji awgustda başlady.
Sanjym rAd26-S we rAd5-S adenowirusyň iki dürli ştamynda esaslandyrylan iki bölekden durýar. Alymlar olary güýçden gaçyrdylar we olaryň genomyny adamyň öýjüklerine koronawirusyň RNK böleklerini ýetirer ýaly derejede üýtgetdiler. Şol sebäpli olar koronawirusyň daşky örtüginiň belogynyň uly möçberini emele getirýärler. Bu molekulalar immun öýjüklerine düşýär, netijede Sars-CoV-2-ä garşy antibedenjikler işlenilip çykarylýar.
Umuman, sanjymyň iki görnüşi hem birmeňzeş täsirli boldy: olar meýletinçileriň organizmini koronawirusa garşy antibedenjikleri işläp çykarmaga mejbur etdiler we immunitetiň T-öýjüklerine bu howpy anyklamagy öwretdiler. Sanjymyň ikinji dozasy, alymlaryň ýazmagyna görä, “Sputnik V” sanjymynyň täsirliligini ep-esli ýokarlandyrdy: adenowirus bir gezek goýberilende meýletinçileriň diňe 60%-inde organizm antibedenjikleri öndürip başlady.
Barlagy geçirijiler özleriniň taýýarlan sanjymynyň 25-nji awgustda Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan geçirilmeli diýlip makullanylan kliniki synaglarynyň üçünji tapgyrynyň dowamynda hem özüni üstünlikli görkezmegine ynam bildirýärler. Olara dürli ýaşdaky toparlardan 40 müňden gowrak meýletinçi gatnaşar. Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Mihail Muraşkonyň aýtmagyna görä, bellige alnyşdan soňky synaglar bilen ugurdaşlykda “Sputnik V” sanjymynyň howp astyndaky toparlara – lukmanlara we mugallymlara sançmak üçin ulanylmaga başlanmagy mümkin.

düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......