«PSŽ-niň» futbolistleri Neýmar, Di Mariýa we Paredes koronawirus bilen keselledi

  • 03.09.2020 18:58
  • 13k+

«Pari Sen-Žermen» fransuz futbol klubynyň üç sany oýunçysynyň koronawirus üçin barlagy položitel bolup çykdy. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär. L’Equipe gazetiniň maglumatlaryna görä, gürrüň argentinaly belli ýarym goragçylar Anhel Di Mariýa we Leandro Paredes, şeýle-de braziliýaly hüjümçi Neýmar barada gidýär.

Toparyň üç agzasy hem koronawirusyň gaýtadan ýaýrawynyň bellige alynýan ýeri bolan Ibisadan dolandylar diýip, gazet ýazýar. Toparyndaky köp ýoldaşlary ýaly, olar hem Çempionlar ligasynyň finalyndan soň rugsadynyň bir bölegini şypahanada geçirdiler. Häzir kesellän oýunçylar karantinde bolýarlar.
Neýmar dünýäde iň gymmat oýunçy bolup durýar. 2017-nji ýylda ol rekord möçberinde 222 mln ýewro «Barselonadan» «PSŽ-e» geçdi.

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....