Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky kärhanalara E-commerce hyzmatyny hödürleýär

  • 03.09.2020 20:35
  • 20k+

Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky öz resmi web sahypasynda döwlet we hususy kärhanalary täze E-commerce (Internet-Ekwaýring) hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrdy.

“Bank nagt däl tölegleriň çygryny has-da giňeltmek, şeýle hem töleg prosesini ýeňilleşdirmek we onlaýn söwda arkaly harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşini köpeltmek maksady bilen, döwlet we hususy kärhanalara müşderiniň web sahypasy arkaly harytlar we hyzmatlar üçin halkara we milli töleg ulgamlarynyň bank kartlary arkaly nagt däl tölegleri kabul etmäge mümkinçilik berýän täze E-commerce (Internet-Ekwaýring) hyzmatyny hödürleýär" - diýlip, bankyň habarynda aýdylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň E-commerce platformasyna esaslanýan onlaýn töleg hyzmaty "Türkmendemirýollary" agentliginiň we "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň web sahypalarynda elýeterlidir.
Bank kartlary arkaly elektron töleg üçin bank kartynyň rekwizitlerini, ýagny kartyň belgisini, möhletini, kartyň eýesiniň adyny we familiýasyny, şeýle hem CVC kody girizmeli.

şu gün 09:02
125

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......