NVIDIA geýmerler üçin wideokartalarynyň täze tapgyryny hödürledi

  • 03.09.2020 13:13
  • 5k+

NVIDIA kompaniýasy NVIDIA Ampere arhitekturasynyň binýadynda GeForce RTX 30 wideokartalaryň täze tapgyryny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtyna salgylanyp, Gazeta.ru habar berýär.

Tapgyra üç sany grafiki prosessor girdi. Täze wideokartalar “oýunlarda, strimingde we şekiller hem-de wideolar gaýtadan işlenilende ýokary önümçiligi üpjün edýär” diýlip, işläp düzüjiniň habarynda görkezilýär.
Tapgyryň esasy flagmany 24 GB wideo-ýatly GeForce RTX 3090 boldy, ol geýmerler üçin 8K ygtyýarynda FPS 60 kadr ýygylykly kadaly oýny üpjün etmäge ukyply. Ol satuwa 24-nji sentýabrda çykar.
Şeýle-de, tapgyra GDDR6X 10 Gb ýat bilen üpjün edilen, 4K ygtyýarynda sekuntda 60 kadr bermäge ukyply bolan GeForce RTX 3080 hem girdi. Ony 17-nji sentýabrdan satyn almak bolýar.
Tapgyrda üçünji wideokarta GDDR6 8 GB ýada eýe bolan GeForce RTX 3070 boldy. Ol 4K we 1440p ygtyýarly oýunlar üçin laýyk bolar. Wideokarta satuwa oktýabrda çykar.

düýn 16:05
937

Google Android-de nätanyş programmalaryň gurnalyşyny 24 sagada çenli gijikdirer

Google kompaniýasy Android ulgamynda programmalary gurnamagyň düzgünlerini üýtgeder. Awgust aýyndan başlap, barlanmadyk işläp düzüjileriň APK-faýllaryny gurnamaklyk goşmaça barlagy we 24 sagada çenli garaşmagy......

01.04.2026 17:22
3.1k+

ABŞ-da Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan uly sergi açyldy

ABŞ-da 1-nji aprelde Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli guralan sergi açyldy. Sergi Jorjiýa ştatynyň Rozwell şäherindäki «Mimms Museum of Technology and Art» muzeýinde ýerleşdirildi....

01.04.2026 11:12
505

Microsoft ulanyjylara Windows-da täzelenmeleri yza süýşürmäge rugsat berer

Microsoft kompaniýasy Windows ulgamynyň täzelenme ulgamyndaky üýtgeşmeleri yglan etdi. Geljekde ulanyjylar täzelenmeleri gurnamagy zerur bolan möhlete çenli wagtlaýyn togtadyp bilerler we kompýuteri mejbury......

31.03.2026 14:58
6.9k+

Caviar Stiw Jobsuň köýneginiň bölegi ýerleşdirilen iPhone 17 Pro-ny tanyşdyrdy

Caviar kompaniýasy Apple-yň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone 17 Pro smartfonlarynyň çäkli toplumyny hödürledi....