Täze hünäriň talyplaryna türkmen we rumyn ýokary okuw mekdepleriniň diplomy berler

  • 02.09.2020 11:00
  • 14k+

Täze 2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrma we amaly informatika hünäri açyldy. Täze hünär barada «Türkmenistan» gazetinde şeýle maglumatlar berilýär.

Rumyniýanyň Kluž-Napoka tehniki uniwersitetiniň tejribesiniň esasynda açylan «Awtomatlaşdyrma we amaly informatika» hünärinde okuwlar doly iňlis dilinde geçiriler. Bu ugurda okaýan talyplar soňky okuw ýyllaryny Rumyniýanyň Kluž-Napoka tehniki uniwersitetinde dowam etdirerler. Bu hünär boýunça bilim alýan talyplara iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlary berler.
Bu abraýly uniwersitet bilen 2019-njy ýylyň noýabr aýynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamanyň çäginde gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

şu gün 06:15
6.1k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

düýn 09:46
7.6k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......

26.03.2026 13:54
922

Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

24.03.2026 17:56
4.1k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...