Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy göreş boýunça döwlet meýilnamasy 1 milliard dollar möçberinde bahalandyryldy

  • 01.09.2020 18:01
  • 33k+

BMG-niň goldawy bilen, Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady. 5 goldaw ugruny öz içine alýan bu maksatnama, takmynan, 1 milliard dollar töweregi bahalandyryldy. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.

Bu meýilnamada global pandemiýanyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine edýän täsirini azaltmak boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Onda “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine esaslanyp, ilatyň ejiz toparlaryna sosial goldaw bermeklige aýratyn üns gönükdirilýär.
Şeýle hem bu maksatnama esasy lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň elýeterliligini giňeltmäge, iş ýerlerini saklamaga, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermäge, makroykdysady durnuklylygy we sosial jebisligi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda meýilnamany maliýeleşdirmek boýunça daşarky teklipler, takmynan, 941,7 million dollara barabar.
Ýeri gelende, 21-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we BMG-niň agzalary ýygnak geçirip, pandemiýanyň ýurduň durmuş-ykdysady giňişligine ýetirip biljek täsirini azaltmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýatladýarys. Bu babatdaky degişli komissiýa BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň başlangyjy bilen döredilipdi.

06.06.2026 14:06
2.4k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......