ÝUNKTAD Türkmenistana maýa goýumyň akymyny kesgitledi

  • 31.08.2020 23:46
  • 10k+

«Türkmenistanyň öz sebiti bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklaryny nazara alyp, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty (ÝUNKTAD) ýurda daşary ýurt maýa goýumynyň akymynyň sebite häzirki ýaly derejede bolmagyna garaşýar” – diýip, ÝUNKTAD-yň ýolbaşçysy Astrit Sulstarowa aýdýar, muny Trend habar berýär.

Türkmenistana geçen ýylky göni daşary ýurt maýa goýumlary barada aýtmak bilen, Sulstarowa şeýle belledi:
“ÝUNKTAD 2019-njy ýylda Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny 2,1 milliard dollar bilen bahalandyrdy, bu 2018-nji ýyldaka garanda, 9 göterim köpdür (1,9 milliard dollar)”.

Göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymynyň pudaklaýyn gurluşy barada jikme-jik hasabat ýok. Onuň aýtmagyna görä, göni daşary ýurt maýa goýumynyň aýratyn taslamalary, esasan, tebigy gaza, belli bir derejede dokma önümleriniň önümçiligine we iýmit önümlerine, telekommunikasiýa we maliýe hyzmatlaryna gönükdirilýär.
Habar berşimiz ýaly, Türkmenistan maýa goýumlary çekmeklige gyzyklanma bildirýär. Ýurt tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasaty täze iş orunlaryny döredýär we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlarynyň esasy görnüşi – göni maýa goýum. Göni daşary ýurt maýa goýumlary kärhanalaryň tehnika derejesini kämilleşdirip, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp we öndürijilere halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berip bilýär.

düýn 16:01
1.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......