Alym adamyň garramagynyň üç esasy döwrüni sanap geçdi

  • 02.09.2020 11:04
  • 21k+

Gerontolog, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Alekseý Moskalýow biologik nukdaýnazardan organizmiň garramagynyň üç döwri barada gürrüň berdi. Bu barada "Komsomolskaýa Prawdanyň" alym bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Hünärmeniň pikiriçe, birinji döwür köpeliş funksiýasynyň tamamlanýan döwri bolan 45 ýaşda başlaýar.
Indiki "öwrülişik nokady" 60 ýaşa gabat gelýär. Bu döwürde öýjükleriň bölünmegi we dokumalaryň täzelenmegi juda haýallaýar, bu bolsa bedeniň ýaşaýyş üçin möhüm funksiýalaryna täsir edýär.
"Netijede, adamda ortaça üç sany hroniki keseli döreýär" - diýip, gerontolog aýdýar.
Soňky döwür - 75 ýaşda dokumanyň öýjükden daşary gurluşlary hatardan çykýar. Beden gorag päsgelçiliklerini ýitirýär. Netijede, hroniki keselleriň sany ýedä çenli artýar.
Moskalýow şu agzalan sanlaryň hemmesiniň adamyň ýaşaýyş-durmuşyna - iýmitlenişine, fiziki maşklara, daşky gurşawyna we stres derejesine baglydygyny aýtdy. Şeýle hem lukman hroniki keselleri ir anyklamagyň we wagtynda bejermegiň zerurdygyny ýatlatdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň klassifikasiýasyna görä, adam 65 ýaşdan 75 ýaşa çenli gartaşan hasaplanýar we garrylyk diňe 75 ýaşdan soň başlaýar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 23:14
3.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....