Aşgabatda geçirilmeli futzal boýunça Aziýa çempionaty ýatyryldy

  • 31.08.2020 19:01
  • 8.8k+

Futzal boýunça Aziýa çempionaty-2020-niň Guramaçylyk komiteti ýörite ýygnakda bäsleşige taýýarlyk görmegi bes etmek kararyna geldi. Ýaryş Aşgabatda geçirilmedi, diýip ORIENT habar berýär.

Guramaçylyk komitetiniň agzalary dünýäde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy we ýurtda durnukly epidemiologik gurşawy saklamak maksady bilen baglylykda şeýle karara geldiler.

"COVID-19 bilen bagly global we sebitleýin ýagdaýyň çylşyrymlylygy sebäpli, ýygnaga gatnaşyjylar 2020-nji ýylda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmekden saklanmaly diýen netijä geldiler" — diýip, Guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Gulmyrat Agamyradow belledi.

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) howandarlygyndaky ýaryş fewral aýynda Aşgabatda geçirilmelidi, ýöne sebitiň birnäçe ýurdunda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ýaryş birnäçe gezek yza süýşürildi.
AFK guramanyň täjirçilik borçnamalary sebäpli, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň çempionaty 2021-nji ýyla yza süýşürmek baradaky teklibini ret etdi we ýaryşy Aziýanyň başga bir ýurdunda geçirmek kararyna geldi.
Şeýle hem 2022-nji ýylda geçiriljek sebitleýin futzal çempionatynyň indiki möwsümini geçirmek üçin Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň AFK Futzal we kenar futbol komitetine ýüz tutup biljekdigi habar berildi.

şu gün 12:43
578

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
8.2k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
9.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....