Ýaponiýada borty adamly uçýan awtomobili synagdan geçirdiler

  • 30.08.2020 16:05
  • 18k+

SkyDrive ýapon kompaniýasy borty adamly özüniň SD-03 uçýan awtomobilini synagdan geçirdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Awtomobiliň uçup, howada bir ýarym-iki metr belentlikde saklanandygy habar berilýär. SD-03-iň kabinasynda ulagy dolandyrýan uçarman bardy. Awtomobil howada dört minut töweregi saklandy, ýöne döredijileriň aýtmagyna görä, heniz adam üçin howpsuzlyk bilen bagly näsazlyklar bar.
Uçýan awtomobilleriň senagatyndan diňe käbir kompaniýalara şeýle netijä ýetmek başardandygy bellenilýär. Taslamanyň ýolbaşçysy 100 sany bäsdeşiň bardygyny ýatlap, olaryň diňe az böleginiň sürüjiniň gatnaşmagynda ulagy synagdan üstünlikli geçirendigini belledi.
Häzirki wagtda SD-03 prototipi diňe 5-10 minut uçup bilýär. Kompaniýa munuň üstünde işleýär we inženerler uçuş wagtyny 50 minuta ýetirmegi meýilleşdirýärler.
ABŞ-da we Ýewropanyň käbir ýurtlarynda amal edilýän aeromobillerden tapawutlylykda, ýapon ulagynyň teker şassisi ýok, şonuň üçin ol ýerde hereket edip bilmeýär. Awtomobil bat almazdan dikligine uçýar we gonýar, şonuň bilen gerekli ýere barmak tizligi hem ýokarlanýar. Uçýan awtomobiller satuwa, olary döredijileriň meýilnamasy boýunça, 2023-nji ýylda girişip biler.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......