Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

  • 27.08.2020 14:01
  • 21k+

26-njy awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.

Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň baş meýilnamasy we taslamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamasy görkezildi.
Döwlet Baştutany taslamalar bilen tanşyp, olar babatynda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, “Altyn kölüň” kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi.
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän “Altyn köl” täze döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-Sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow munuň bilen baglanyşykly meseleleri düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde desganyň potratçysy bolup durýan “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra milli Liderimiz şäheriň merkezine tarap ugrady. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatgyrynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýol aýrytynyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýagdaýy we depginleri bilen gyzyklanyp, şunuň ýaly desgalaryň gurulmagynyň paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň artmagyndan hem-de ýolda ulag hereketiniň ýokarlanmagyndan gelip çykýandygyny belledi. Aşgabatda ozalky gurlan köprüler, ulag ýol aýrytlary esasy ýollara düşýän agramy ep-esli azaltmaga hem-de ýol hereketini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze “Diwan” myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna üns çekdi.

düýn 23:10
1.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

düýn 21:02
1k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

düýn 16:17
1.8k+

Strategik çeşme: topragy seýrek metal gorly ýurtlaryň reýtingi

Hytaý örän möhüm minerallaryň gazylynyp alnyşy çäginde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy derejesini saklap gelýär. Bu ýurduň 44 million tonna möçberinde gory bar diýip, USGS Mineral Commodity Summaries 2025......

düýn 15:59
976

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......