Mekdeplerde sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar

  • 24.08.2020 14:00
  • 33k+

Ýaşajyk türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekmek boýunça wezipäni durmuşa geçirmek jähtinden ýurdumyzyň mekdeplerinde sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar. Her şenbede irden köpçülikleýin ertirki maşklar, sapaklar tamamlandan soň bolsa, sportyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler ýa-da ýaryşlar, işjeň oýunlar we beýleki sagaldyş çäreleri guralar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Okuw işine täzelikleriň girizilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy hakda alada bilen baglanşyklydyr. Wirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen her sapakda synpda 15 okuwçy bolar. Degişlilikde okuw sagatlary-da azaldylyp: 1-nji synp okuwçylary 25 minuda, 2-4-nji synpdakylar – 30 minuda, ýokary synp okuwçylary 35 minuda çenli okarlar. Okuw stollary zerur aralyk saklanylyp, küşt tagtasy görnüşinde bolar. Mekdebe girenlerinde çagalaryň gyzgyny ölçeler, ellerine zyýansyzlandyryjy serişde sepiler. Şahsy gigiýenanyň düzgünlerine eýermegiň zerurlygy barada düşündiriş işlerine uly üns berler.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 20:41
1.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......