Hünärmen smartfonuň geolokasiýasyny nädip öçürmelidigini düşündirdi

  • 24.08.2020 12:14
  • 13k+

Smartfon öçük bolanda-da, onuň nirede ýerleşýändigini anyklamagyň birnäçe usullary bar. Gurluşda geolokasiýa hyzmatyny doly ýagdaýda öçürmek mümkin däl. Bu barada “Praým” agentligine “Jet informasion ulgamlary” kompaniýasynyň tor çözgütleriň satuwyny goldama toparynyň ýolbaşçysy Dmitriý Karosanidze gürrüň berdi.

“Smartfon maglumatlary diňe bir geolokasiýanyň öçük bolan ýagdaýynda däl, eýsem, doly öçük bolanda-da iberýär. Ol tor bilen özara hereket etmegi we ulanyjynyň ýerleşýän ýeri hem-de dürli esasy stansiýalardan signallaryň güýji barada maglumatlary bermegi dowam etdirýär. Bu maglumatlar hem gurluşlary öndürijilere, hem öýjük operatorlaryna baryp ýetýär” – diýip, hünärmen aýtdy.

Maglumatlaryň iberilmegini böwetleýän bir zat – bu enjamdan batareýi aýyrmak. Ýöne döwrebap gajetleriň köpüsi düwmeli telefonlardan tapawutlylykda, aýrylmaýan akkumulýatorlar bilen üpjün edilen.
Awiarežimi barada aýdylanda, ol hem ýüz göterim kepil geçmeýär, sebäbi dürli öndürijilerde ol dürli görnüşde amal edilen diýip, Karosanidze sözüni jemledi.

13.04.2026 17:59
4k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
17k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......