Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

  • 24.08.2020 00:59
  • 27k+

22-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi, täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Deputatlar “Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda”, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda” Kanunyň taslamalaryny maslahatlaşdylar.
Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda”, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Mundan başga-da, maslahatda “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna düzedişleri tassyklamak hakynda”, “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda”, “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Serhetüsti bilen baglylykda daşky gurşawa edilýän täsire baha bermek boýunça Teswirnamasyny tassyklamak hakynda”, “Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyna Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda”, “Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbugat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna goşulmak hakynda”, “Ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberiş guramalaryň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Şeýle hem beýleki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

düýn 21:15
610

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....

17.05.2026 15:44
7.8k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.6k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

16.05.2026 09:24
4.9k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....