BSGG örtük ​​geýmek üçin iň kiçi ýaşy kesgitledi

  • 23.08.2020 23:11
  • 28k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) 5 ýaşa çenli çagalardan COVID-19 pandemiýasy sebäpli agyz-burun örtügini ​​geýmegi talap etmegi maslahat bermeýär diýlip, BSGG-niň web sahypasynda ýerleşdirilen habar býulleteninde aýdylýar. Muny Ria NOWOSTI ýetirýär.

"5 ýaşa çenli we ondan kiçi çagalardan agyz-burun örtügini ​​geýmegi talap edilmeli däldir. Bu çaganyň howpsuzlygyna we umumy gyzyklanmalaryna, şeýle hem maskany özbaşdak dogry ulanyp bilmek ukybyna esaslanýar" diýlip, habarda bellenilýär.

BSGG we ÝUNISEF-iň maslahat bermegine görä, eger-de çaga 6 ýaşdan 11 ýaş aralygynda bolsa, maskalary ulanmak ýa-da ulanmazlyk barada karara gelende, käbir zatlary göz öňünde tutmaly. Olara wirusyň çaganyň ýaşaýan ýerindäki ýaýrama derejesi, maskany howpsuz we dogry ulanmak ukyby, ulularyň olara ýeterlik gözegçiligi, maska ​​geýmegiň onuň okuwyna we psihososial ösüşine ýetirip biljek täsiri, gorag maskalaryna elýeterlilik, olary çalyşmak we ýuwmak ukyby degişlidir.
Guramalar 12 we ondan uly ýaşly çagalar ulular bilen deň derejede maska ​​geýmeli diýip hasaplaýarlar.

"Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we ÝUNISEF 12 ýaşdan uly çagalara ulular bilen deň şertlerde maska ​​geýmegi maslahat berýärler, hususan-da beýleki adamlardan azyndan 1 metr aralygy saklamagy kepillendirip bolmadyk ýagdaýlarda we giňden ýaýran sebitinde (wirusyň - Red.)" - diýlip, býulletende aýdylýar.

01.04.2026 16:38
3.1k+

Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter»......

01.04.2026 10:49
2.2k+

Alymlar: stress dermatitli adamda ekzemanyň alamatlaryny güýçlendirýär

Alymlar stressiň deridäki çişme proseslerini işjeňleşdirmek arkaly ekzemanyň alamatlaryny nähili güýçlendirýändigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi....

30.03.2026 16:56
4.5k+

Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi....

28.03.2026 15:46
3.7k+

Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda......