Hünärmen ABŞ-da koronawirusyň aşa giňden ýaýramagynyň sebäbini aýtdy

  • 23.08.2020 19:24
  • 19k+

ABŞ-nyň öňdebaryjy wirusologlarynyň biri Konstantin Çumakow Ştatlarda beýleki ýurtlara garanyňda, koronawirusyň aşa giňden ýaýramagynyň sebäplerini aýtdy. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, ABŞ-da epidemiýa birnäçe ýerlerde bir wagtda başlady. Amerikanlar tutuş dünýä boýunça, şol sanda Hytaýa we Ýewropa işjeň syýahat edýärler, şonuň üçin ABŞ-da wirus birbada günbatar we gündogar kenarýakalarda ýaýrady.
Hünärmen Hytaýda we Ýewropa ýurtlarynyň aglabasynda kesellileriň sanyny azaltmak üçin aşa berk çäreleriň girizilendigini ýatlap geçdi. ABŞ-da bolsa ýagdaýa diýseň ýüzleý çemeleşdiler.
Ýene bir sebäp hökmünde, Çumakow raýatlaryň gurplulyk derejesiniň ýokary bolmagyny atlandyrdy. Ýurt näçe baý boldugyça, onda şonça-da garry adamlar köp bolýar. Raýatlar wagtyňy hoş geçirip bolýan ýerlere köp barýarlar. Meselem, restoranlara. Ol ýerlerde bolsa, keseliň ýokuşyp bilmek howpy ýokary bolýar. Hünärmeniň pikiriçe, hut şu sebäpden orta we pes gurply ýurtlarda epidemiýa gowşak geçýär.
Şol bir wagtda Çumakow ABŞ-da koronawirusyň ikinji tolkuny baradaky habary ýalana çykardy. Onuň pikiriçe, gürrüň şol bir tolkun barada gidýär, ýöne ol dürli sebitlere dürli wagtda baryp ýetdi. Eger-de Nýu-Ýork, Nýu-Gempşir we Massaçusets aprel-maýda zyýan çeken bolsalar, Kaliforniýada, Floridada we Tehasda keseliň ýokary derejesi has gijräk ýüze çykdy.
22-nji awgustyň maglumatlary boýunça, ABŞ-da 5,623 million kesel ýagdaýy we 175,4 müň ölüm ýüze çykaryldy. 
Bellenilişi ýaly, Ştatlarda alymlar jemi alty sany sanjymyň üstünde barlag işlerini alyp barýarlar.

düýn 20:12
6.2k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
2.1k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....