Hünärmen smartfony nähili ýygylykda öçürip-ýakmalydygyny aýtdy

  • 21.08.2020 14:59
  • 12k+

Smartfonlarda wagtyň geçmegi bilen onuň işleýşinde näsazlygyň döremegine getirýän köp sanly programmalar gurnalýar. Bu meseläni aradan aýyrmak üçin enjamy çärýekde iň bolmanda bir gezek öçürip-ýakmak gerek diýip, programma üpjünçiligini işläp düzmäge ýöriteleşen “Reksoft” kompaniýasynyň IT-bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Çertok maslahat berdi. Muny Praým agentligi ýetirýär.

Hünärmen smartfony özbaşyna öçürip ýakmagyň hökman däldigini, olaryň önümçilik algoritminiň kämilleşdirilendigini we tehnikanyň durnukly işleýändigini gürrüň berdi.

“Ýöne smartfonlara oturdylýan programmalar bolsa durnuksyz işleýär. Olaryň köpüsiniň işleýän wagtynda ýalňyşlyklar ýygnanyp bilýär” – diýip, Çertok belledi.

Köplenç bu ýagdaýyň dogry çykalgasy gurluşy öçürip, täzeden işletmek bolýar. Ulgamyň we programmalaryň arassa ýüklenilmeginiň kömegi bilen üýşen ýalňyşlyklar aýrylýar. Smartfony öçürip-ýakman, ulanmak bolmaz.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......