Täze «Betmeni» düşürmek işleri sentýabrda dikeldiler

  • 21.08.2020 18:30
  • 6.5k+

Warner Bros. kinokompaniýasy amerikan režissýory Mett Riwziň «Betmen» filmini düşürmek işlerini dikeltmegi meýilleşdirýär. Martda bu işleri koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda köpçülikleýin çäreleriň gadagan edilendigi sebäpli togtatmaly boldy.

Işleri sentýabryň başynda Leavesden studiýasynda başlanar. Warner Bros. kompaniýasynyň wekilleri heniz toparyň meýdança dolanjakdygy baradaky habary teswirlemediler diýip, «Variety» gazeti habar berýär.
Angliýanyň medeniýet, media we sport departamenti we Saglygy goraýyş guramasy kinony düşürme işlerini geçirmek barada ygtyýarnama iýunda gol çekdiler. Ýöne topar işe dolanmaga howlukmady.
News.ru britan aktýory Robert Pattinsonyň Mett Riwziň täze filminde Betmeniň roluna kastinge geçmek üçin Kristofer Nolana ýalan sözländigini boýun alandygyny ýazdy. Pattinson «The Iris Times» neşirine beren interwýusynda Brýus Ueýniň roluna synaglar başlananda, «Delil» kartinasyny düşürmek işlerinde eýýäm bolandygyny aýtdy. Kasting gizlinlikde saklanýardy, şonuň üçin aktýora prodýuserler bilen duşuşar ýaly Nolan üçin bir zatlar oýlap tapmaly boldy.

— Men gyssagly maşgala işlerimiň bardygyny aýtdym. Men muny diýenimden soň, ol şeýle jogap berdi: «Sen «Betmene» synaglara barýaň, şeýle dälmi?» – diýip, artist aýtdy.

2019-njy ýylyň ahyrynda Pattinson Aaron Teýlor-Jonson, Armi Hammer we Nikolas Holt bilen bilelikde super-gahrymanyň roluna dalaşgärleriň gysga-sanawyndady.

11.06.2026 13:03
7.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....