Koronawirusyň esasy gowşak tarapy ýüze çykaryldy

  • 18.08.2020 14:13
  • 29k+

Amerikan alymlary koronawirusyň oňa bar bolan serişdeleriň kömegi bilen täsir etmäge mümkinçilik berjek gowşak tarapyny ýüze çykardylar. Çikago uniwersitetiniň ýanyndaky Pritsker adyndaky molekulýar inženeriýasy mekdebiniň barlag işini alyp baryjylary alnan maglumatlary “Science Advances” žurnalynda neşir etdiler. Bu barada Ria NOWOSTI ýazýar.

Makalanyň awtorlarynyň bellemegine görä, “dermanlar üçin has gowy nyşan” – bu Mpro proteaza (wirusyň replikasion mehanizmine gatnaşýan ferment). Öň, lukmanlar onuň gurluşyna täsir etmekçi we onuň kömegi bilen täze koronawirus bilen SARS-CoV-yň arasyndaky tapawudy anyklamakçy boldular.
Amerikan hünärmenlerine belokda koronawirus ýokanjyny bejermekde täze strategiýalary işläp düzmegiň esasy açary bolup biljek, öň öwrenilmedik baglanyşygy tapmak başartdy.

Alymlar proteaza has netijeli täsir edýän birleşmeleriň biriniň çişmä garşy we antioksidant häsiýetine eýe bolan ebselen derman molekulasydygyny anykladylar. Hünärmenler bu tapyndy COVID-19-y bejermegiň bar bolan strategiýalaryny gözden geçirmegiň gerekdigini görkezýär diýip hasaplaýarlar.

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......