Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysady toplumda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi

  • 15.08.2020 12:31
  • 14k+

14-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,3 göterim artdy. Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,6 göterim, çykdajy bölegi 94,2 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu pudaklar boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talabalaýyk durmuşa geçirilişine gözegçilik işleri güýçlendirilmelidir.
Döwlet Baştutany pudaklary ösdürmek meýilnamalary boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

düýn 15:38
1.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

düýn 14:38
1.7k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

düýn 14:19
1.2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

21.05.2026 18:14
2.5k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......