Tramp koronawirusa garşy üç sanjymyň synag işleriniň tamamlanandygyny aýtdy

  • 15.08.2020 00:21
  • 13k+

Amerikan lideri Donald Tramp Covid-19 täze wirusa garşy Birleşen Ştatlarda döredilen üç sany sanjymyň synag işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, hünärmenler serişdäniň 600 mln dozasyny döretmäge taýýar. Bu barada gazeta.spb.ru habar berýär.

Donald Tramp sanjym-dalaşgäriň önümçiligi we 100 mln dozasy bilen üpjün etmek boýunça Moderna amerikan biotehnologik kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Şertnama $1,5 mlrd bilen bahalandyrylýar.
Öň, amerikan hökümeti bilen şeýle şertnamany şular ýaly sanjymlary beýleki öndürijiler, şol sanda Johnson & Johnson, AstraZeneca, Pfizer, BioNTech, Sanofi we GlaxoSmithKline kompaniýalary hem baglaşdy.
Iýulyň ahyrynda Moderna sanjymyň köpçülikleýin kliniki synagynyň başlanandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň hökümeti farmasewtik kompaniýanyň bu işine, umumy alanyňda, $950 mlrd sarp etdi.
Analitikleriň birnäçesi ABŞ-nyň yzyndan beýleki ýurtlaryň hem Moderna bilen şertnama baglaşmagynyň mümkindigini aýdanlaryndan soň, farmasewtik kompaniýanyň paýnamalary 5%-den hem gowrak ýokarlandy.
ТАSS agentliginiň habar bermegine görä, Tramp sanjymyň ilki Dermanlaryň we iýmit önümleriniň hiline sanitar gözegçilik boýunça edaranyň (FDA) hünärmenleri tarapyndan makullanylmalydygyny hem belledi. Şondan soň sanjymyň ýene 500 mln dozasy öndüriler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......