Bellenilen hereket tizliginiň 10 km-e çenli artdyrylmagyna jerime salynmaýar

  • 13.08.2020 16:45
  • 52k+

«Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda neşir edilen gününden güýje girdi we häzirki wagta çenli hem hereket edýär. Administratiw Kodeksiň 214-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy duýduryş berilmegine getirýär, ýagny sürüji 10 km/sag çenli tizligini ýokarlandyran halatynda oňa duýduryş yglan edilýär.

Başgaça aýdylanda, 60 km/sag hereket tizlik bilen etmeli ýerde 70 km/sag hereket tizligi bilen hereket eden awtoulagyň sürüjisine duýduryş berilýär. 71 km/sag hereket eden sürüjä 50 (elli) manat jerimesi salynýar.
Şunuň bilen birlikde, ýokardaky görkezilen Kodeksiň 43-nji maddasyna laýyklykda, duýduryş administratiw temmisiniň bir görnüşi bolup, fiziki ýa-da ýuridik şahslara bikanun hereketleriň ýol berilmesizligini resmi taýdan ýatlatmak çäresi bolup durýar.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.7k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......