Iňlisler iň gowy Jeýms Bondy saýladylar

  • 11.08.2020 16:36
  • 9.9k+

«Radio Times» iňlis neşiri nobatdaky pikir soraşmasyny geçirdi. Onuň maksady iňlis ýazyjysy Ýan Fleming tarapyndan döredilen “agent 007-niň” keşbini janlandyran aktýorlaryň haýsysyny Angliýada häzirki zaman tomaşaçylarynyň has köp halanýandygyny anyklamakdan ybarat boldy. Bu barada rg.ru habar berdi.

Ses berişlige jemi on dört müň adam gatnaşdy. Ses bermeklik birnäçe tapgyra bölündi. Birinji tapgyrda Şon Konneri, ikinji tapgyrda Pirs Brosnan, üçünji tapgyrda bolsa Timoti Dalton öňe saýlandy. Iň görnükli üç Jeýms Bonds anyklanandan soň, ses berişligiň jemleýji tapgyry başlandy. Sesler aşakdaky ýaly paýlandy: Brosnan sesleriň 23 göterimini, Dalton 32 göterimini aldy, galan 45 göterimini bolsa Şon Konneri gazandy.
Meşhur “agent 007”-niň keşbini şu wagta çenli alty aktýor ýerine ýetirdi: Şon Konneri, Jorj Lazenbi, Rojer Mur, Timoti Dalton, Pirs Brosnan we Deniel Kreýg. Bu hormatly wezipäni Kreýgden soň kimiň tutjakdygy baradaky sorag, Bonduň muşdaklary az gyzyklandyrmaýar.

17.02.2026 20:15
1.9k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...

13.02.2026 16:17
2.2k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

12.02.2026 20:56
13k+

Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy

Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi...

10.02.2026 12:47
7k+

Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr...