Türkmenistan — dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň sanawynda

  • 10.08.2020 23:14
  • 21k+

Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň geçiren barlaglaryna görä, Türkmenistan "2019-njy ýylda «Global Terrorçylyk Indeksinde" 138-nji bolup, iň soňky setirden orun aldy we şol sanawda dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň başyny çekdi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Sanawda dünýädäki iň howpsuz ýurduň iň howply döwlet bolan Owganystan bilen serhetleşýändigi geň galdyryjydyr. Ozal iň howply ýurtlaryň sanawynda birinjiligi Yrak eýeleýärdi.
Türkmenistan bilen birlikde, indeksde 138-nji orny Sloweniýa, Portugaliýa, Belarus, Rumyniýa, Kuba, Singapur we başga-da 26 ýurt eýeledi. Ýöne terrorçylyk howpy boýunça on baldan nol bal görkeziji Merkezi Aziýadan diňe Türkmenistanda bar.
Sanaw 2018-nji ýyl boýunça tassyklanan we subut edilen statistiki gözleglere esaslanýar. Ulanylan maglumatlara görä, gözden geçirilýän döwürde dünýädäki iň uly 20 terrorçylykly hereketiň 17-si Owganystanda bolup geçdi.

düýn 14:06
2.2k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......