«Instagram» «TikTok-a» çalymdaş programmasyny hödürleýär

  • 07.08.2020 08:37
  • 9.5k+

«Instagram» niýetlenilişi boýunça «TikTok» hytaý programmasyny ýada salýan Reels atly täze hyzmatyny işe girizýändigini habar berdi. Täze 15 sekuntlyk wideo hyzmatynda tizligi sazlamak, aýdym-saz goýmak we effekt goşmak mümkinçilikleri bolar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

«Instagramyň» baş menejeri Wişal Şah «TikTok» hökümet tarapyndan gadagan edilen Hindistan ýaly käbir ýurtlarda «Reels-iň» eýýäm tanyşdyrylandygyny aýtdy. Şah  programmanyň adamlar tarapyndan seslenme tapandygyna gaty tiz düşündik diýip belleýär.
Täze hyzmat 50 ýurtda iOS we Android operasion ulgamlarynda işe giriziler. Ýurtlaryň arasynda ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Awstraliýa we Ýaponiýa bar.
Mundan bir hepde ozal, Mark Zukerberg kongresmenlere «Facebook-yň» bäsdeşleriniň önümlerini göçürmeýändigini aýdypdy. Indi bolsa «Facebook-yň» eýeçiligindäki «Instagram» Hytaýyň «TikTok-yna» juda meňzeş täze programmanyň bazara çykarylandygyny habar berdi.
«TikTok-yň» eýesi bolan Hytaýyň «ByteDance» kompaniýasy «Facebook-y» ogrulykda we töhmet atmakda aýyplady. Ilki başda gysga wideo formaty üçin asyl ideýa «Twitter-iň» «Vine» programmasyna degişlidi. Ol 2013-nji ýylda işe başlapdy we «TikTok» döremänkä-de ýapylypdy.
Ondan öň «Facebook» «TikTok» bilen bäsleşmäge synanyşypdy. Şonda «Lasso» programmasy bazara çykarylypdy. Emma kompaniýa adamlary özüne çekip bilmedi. Indi bolsa ABŞ-da «TikTok» petiklense, «Reels-iň» has gowy üstünlik gazanyp biljekdigi aýdylýar.

Şeýle hem okap bilersiňiz: 

düýn 23:12
647

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.4k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
808

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......