Samsung smartfonlaryň täze modellerini tanyşdyrdy

  • 06.08.2020 09:35
  • 30k+

"Samsung" kompaniýasy täze önümleriniň görkezilişini gurady. Onlaýn usulda geçirilen bu tanyşdyryş dabarasynda žurnalistlere “Galaxy Note20”, “Galaxy Note20 Ultra” smartfonlary, çeýe ekranly “Galaxy Z Fold2”, "Tab S7" we "S7 +" planşetleri we “Galaxy Watch3” akylly sagatlary görkezildi. Bu barada RIA Nowosti agentligi habar berýär.

Çeýe ekranly “Galaxy Z Fold2”-da göze görünmeýän çarçuwaly iki sany “Infinity-O” displeýi ýerleşdirilipdir - daşkysy -6,2 dýuým, içki displeýi bolsa 7,6 dýuým. Alyjylara onuň gara we bürünç reňkleri hödürlenilýär.
“Galaxy Note20” seriýasy programmalaryň arasynda hereket etmegi aňsatlaşdyrmak üçin "S Pen" elektron ýelegini bäş sany täze hereket bilen baýlaşdyrdy. "Notes"-de indi teksti awtomatiki ýatda saklamak we planşet ýa-da kompýuter bilen sinhronlamak mümkinçilikleri bar.
“Galaxy Note20”-ni indi ulanyja habarlary ibermäge, ýatlatmalary dolandyrmaga, şeýle hem kompýuterden jaň etmäge we jaňlary kabul etmäge mümkinçilik berýän Windows kompýuterleri bilen sinhronlap bolýar. Ýylyň ahyryna çenli enjamyň eýeleri Windows 10 kompýuterinde birnäçe programmany işledip bilerler. “Galaxy Note20” we “Note20 Ultra” smartfonlary satyn almak üçin täze bürünç reňkde köpçülige hödürleniler.
“Galaxy Tab S7” we “Tab S7 +” smartfonlary täze prosessorlara we uly displeýe eýe: degişlilikde 11 dýuým we 12,4 dýuým, täzeleniş ýygylygy 120Hz çenli.
“Galaxy Watch3” akylly sagady elektrokardiogrammanyň görkezijilerini, ganda kislorodyň derejesini we gan basyşy ölçeýjiniň hem-de fitnes tälimçisiniň wezipelerini özünde jemleýär.

düýn 10:31
5.8k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......