Ýewrokubok duşuşyklary pandemiýanyň pidalarynyň hatyrasyna bir minut dymyşlykdan başlanar

  • 04.08.2020 14:39
  • 9.7k+

Şu hepdede pandemiýa sebäpli arakesmeden soň dikeldiljek ýewrokubok duşuşyklary COVID-19-yň pidasy bolanlaryň ählisiniň hatyrasyna bir minut dymyşlykdan başlanar diýlip, UEFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Gürrüň UEFA-nyň Ýaşlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Çempionlar ligasynyň 1/8 final hem-de zenanlaryň arasynda Çempionlar ligasynyň 1/4 final oýunlary barada gidýär.
Mundan başga-da, meýdança çykýan oýunçylaryň ählisiniň köýnekçelerinde “pandemiýa garşy göreşýänlere” minnetdarlygyň alamaty hökmünde klub tarapyndan saýlanylan dilde “Sagbol” diýen ýazgy bolar.

“Men turnirlerimiziň gaýtadan dikelýändigine begenýärin, ýöne biz netijeli işleri hem-de şahsy pidalary bilen bize ýene-de futbol oýnamaga mümkinçilik berenleri ýatdan çykarmaly däldiris” – diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin belleýär.

Köýnekçelerdäki minnetdarlyk sözünden başga-da, UEFA-nyň oýunlarynyň tele-görkeziliş pursatynda futbolistleriň gatnaşmagynda rolik üçin reklama wagty berler. Zenanlaryň hem-de erkekleriň arasynda UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, şeýle-de UEFA-nyň Ýewropa ligasynda çykyş edýän oýunçylar şahsy minnetdarlygyny bildirerler.

“Köýnekçelerdäki “Sagbol” ýüzlenmesinden başga-da, toparlaryň kapitanlary ýewrokuboklaryň awgust oýunlaryna UEFA-nyň we ýewropa futbolynyň ýeke-täk garaýşy – sportda we jemgyýetde kemsitmeleriň islendik görnüşini kabul etmezlik garaýşy barada ýatlatmak üçin “Jynsparazlyga orun ýok” diýen ýazgy bilen çykarlar” – diýlip, guramanyň habarnamasynda aýdylýar.

düýn 14:53
7.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....