Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy hasaba alynmaga taýýarlanylýar

  • 02.08.2020 13:01
  • 17k+

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň milli barlag merkezi tarapyndan taýýarlanylan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň kliniki synaglary tamamlandy. Häzirki wagtda ony bellige aldyrmak üçin resminamalar taýýarlanylýar. Bu barada RF-niň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko žurnalistlere habar berdi, muny ТАSS ýetirýär.

“Gamalei merkezi tarapyndan taýýarlanylan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň kliniki synaglary tamamlandy we häzir bellige aldyrmak işleri üçin resminamalar toplumy taýýarlanylýar” – diýip, ol aýdýar.

Ministriň aýtmagyna görä, lukmançylyk işgärlerine we mugallymlara merkez tarapyndan taýýarlanylan koronawirus ýokanjyna garşy sanjym birinji goýberiler.

“Bellige alyş şahadatnamasy alnandan soň, sanjym ulanylyp başlanar we ugurdaş gözegçilik işi hem alnyp barlar, ol aýratyn toparlara sanjym sançmak işi bilen ugurdaş başlanar, bu toparlara birinji nobatda, lukmanlar we mugallymlar girýär, şeýle-de sanjym edilen näsaglara gözegçilik alnyp barlar” – diýip, ol ТАSS-yň soraglaryna jogap bermek bilen aýdýar.

Russiýanyň saglygy goraýyş ministrligi has köpçülikleýin sanjym işini oktýabrda başlamagy meýilleşdirýär diýip, Muraşko habar berýär.

“Biz has köpçülikleýin sanjym goýbermek işine başlamagy meýilleşdirýäris, sebäbi biz ýuwaş-ýuwaşdan kömek etmegiň täze ulgamyna girişmeli, bu bolsa oktýabr aýyna düşýär” – diýip, ol aýdýar.

Ministr Rospotrebnadzoryň “Wektor” wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň döwlet ylmy merkezi tarapyndan taýýarlanylan sanjymyň häzir kliniki synaglaryň tapgyrynda ýerleşýändigini sözüniň üstüne goşdy. Mundan başga-da, Saglygy goraýyş ministrligi ýene-de iki sanjymyň geljek 1,5-2 aýyň içinde meýletinçilerde kliniki synaglaryň geçirilmegine talapnama bermegine garaşýar.

Öň habar berşimiz ýaly, rus alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan koronawirusa garşy serişde synag sanjymyna isleg bildiren meýletinçileriň 100%-inde immuniteti emele getirdi.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....