Rus sanjymy meýletinçileriň 100%-inde koronawirusa garşy immunitet döretdi

  • 02.08.2020 09:30
  • 20k+

Rus alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan koronawirusa garşy serişde synag sanjymyna isleg bildiren meýletinçileriň 100%-inde immuniteti emele getirýär. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň (RDIF) başlygy Kirill Dmitriýew CNN teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi diýip, TASS belleýär.

"Synaglaryň birinji we ikinji tapgyrlary synag sanjymyny alanlaryň ählisinde 21-nji günde [sanjym geçirilenden soň] 100% immunitetiň emele gelendigini görkezýär diýip aýdyp bilerin. Ikinji synanyşykdan soň ol iki esse güýçlenýär. Haýwanlaryň hem 100%-inde immunitet emele geldi" - diýip, Dmitriýew belleýär.

Ol Russiýanyň sanjym baradaky maglumatlary mälim etjek wagty dogrusyndaky soraga jogap berip, ähli maglumatlaryň awgust aýynda çap ediljekdigini aýtdy.

"Biz iň ygtybarly çemeleşmäni saýladyk we bu diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem, öň tassyklanan Ebola sanjymynda hem synagdan geçirildi. [N. F. Gamaleýa adyndaky Milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg merkeziniň müdiri Aleksandr] Ginzburg hem, bu sanjymyň taslamasyna gatnaşýan [N. F. Gamaleýa adyndaky Milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg merkeziniň müdiriniň ylmy işleri boýunça orunbasary Denis] Logunow hem, elbetde, ony düýpli synagdan geçirýär. Bu sanjymy eltip bermek üçin iň ygtybarly mehanizm saýlandy" - diýip, Dmitriýew düşündirýär.

Şeýle hem Dmitriýew Russiýada taýýarlanylan sanjym bilen 20-den gowrak ýurduň gyzyklanýandygyny aýtdy. RDIF-iň başlygy bolsa ýene bäş ýurduň koronawirusa garşy rus sanjymynyň önümçiligine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ondan öň, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Tatýana Golikowa Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N. F. Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa merkeziniň sanjymynyň senagat önümçiligine 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşylýandygyny habar beripdi. Onuň sözlerine görä, “Rospotrebnadzoryň” "Wektor" döwlet ylmy merkezi tarapyndan taýýarlanylan ýene-dr bir sanjymyň ilkinji tapgyrynyň öndürilmegi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär.

Öň, "Rospotrebnadzoryň" koronawirusyň suwda 72 sagatda ölýändigi baradaky habaryny ýetiripdik.

11.01.2026 12:28
2.5k+

Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär...

10.01.2026 18:29
1.1k+

ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär...

10.01.2026 11:15
2k+

Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar

Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär...

07.01.2026 10:53
3.2k+

Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär...