Rus sanjymy meýletinçileriň 100%-inde koronawirusa garşy immunitet döretdi

  • 02.08.2020 09:30
  • 20k+

Rus alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan koronawirusa garşy serişde synag sanjymyna isleg bildiren meýletinçileriň 100%-inde immuniteti emele getirýär. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň (RDIF) başlygy Kirill Dmitriýew CNN teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi diýip, TASS belleýär.

"Synaglaryň birinji we ikinji tapgyrlary synag sanjymyny alanlaryň ählisinde 21-nji günde [sanjym geçirilenden soň] 100% immunitetiň emele gelendigini görkezýär diýip aýdyp bilerin. Ikinji synanyşykdan soň ol iki esse güýçlenýär. Haýwanlaryň hem 100%-inde immunitet emele geldi" - diýip, Dmitriýew belleýär.

Ol Russiýanyň sanjym baradaky maglumatlary mälim etjek wagty dogrusyndaky soraga jogap berip, ähli maglumatlaryň awgust aýynda çap ediljekdigini aýtdy.

"Biz iň ygtybarly çemeleşmäni saýladyk we bu diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem, öň tassyklanan Ebola sanjymynda hem synagdan geçirildi. [N. F. Gamaleýa adyndaky Milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg merkeziniň müdiri Aleksandr] Ginzburg hem, bu sanjymyň taslamasyna gatnaşýan [N. F. Gamaleýa adyndaky Milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa gözleg merkeziniň müdiriniň ylmy işleri boýunça orunbasary Denis] Logunow hem, elbetde, ony düýpli synagdan geçirýär. Bu sanjymy eltip bermek üçin iň ygtybarly mehanizm saýlandy" - diýip, Dmitriýew düşündirýär.

Şeýle hem Dmitriýew Russiýada taýýarlanylan sanjym bilen 20-den gowrak ýurduň gyzyklanýandygyny aýtdy. RDIF-iň başlygy bolsa ýene bäş ýurduň koronawirusa garşy rus sanjymynyň önümçiligine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ondan öň, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Tatýana Golikowa Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N. F. Gamaleýa adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa merkeziniň sanjymynyň senagat önümçiligine 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşylýandygyny habar beripdi. Onuň sözlerine görä, “Rospotrebnadzoryň” "Wektor" döwlet ylmy merkezi tarapyndan taýýarlanylan ýene-dr bir sanjymyň ilkinji tapgyrynyň öndürilmegi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär.

Öň, "Rospotrebnadzoryň" koronawirusyň suwda 72 sagatda ölýändigi baradaky habaryny ýetiripdik.

04.04.2026 15:19
6.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.4k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.1k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......